"ABŞ 66 ýyllyk hyzmatdaşyny däl eýsem terror guramasy PKK-ny saýlady"

ABŞ Türkiýe bilen 66 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigine garamazdan terror guramasy PKK-ny saýlady

946294
"ABŞ 66 ýyllyk hyzmatdaşyny däl eýsem terror guramasy PKK-ny saýlady"

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Türkiýe bilen 66 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigine garamazdan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG bilen hyzmatdaşlyk etmegi saýlap almagyny ýene-de bir gezek tankyt etdi.

Çawuşogly Amerikan Foeign Polis žurnalynda çap edilen makalasynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän operasiýasynyň ähmiýeti we Amerikan hökümetiniň alyp barýan strategiýasy barada maglumat berdi.

Çawuşogly Zeýtun şahajygy operasiýasynyň ilkinji nobatda Türkiýä garşy guralýan hüjümleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýändigini belledi.

Operasiýa garşy garalama kampaniýasynyň alnyp barylýandygyny aýdan Çawuşogly, operasiýada asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşilendigini we operasiýanyň şol nukdaý nazardan nusgawy häsiýetine eýedigine ünsi çekdi.

“Operasiýanyň DAIŞ-e garşy göreşi bökdändigi öňe sürüldi” diýen Çawuşogly “Türkiýe DAIŞ-iň ýaňadandan täsiriniň güýçlenmegine rugsat bermez we bu meselede ABŞ bilen birlikde işleşer” diýdi.

Waşingtonyň PKK/ÝPG-niň terrorçylykly hüjümlerine garamazdan alyp barýan terror guramasynyň ýaraglandyrylmagy syýasatyna garşydyklaryny aýdan Çawuşogly “ ABŞ Türkiýe bilen 66 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigine garamazdan, terrorçylar bilen hyzmatdaşlyk etmegi saýlap aldy. ABŞ-nyň täze Döwlet sekretarynyň bu meselä üns bermegini umyt edýärin”diýdi.

 



Degişli Habarlar