“Özgerýän Türkiýäniň elektrik zerurlygy hem artýar”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly özgerýän Türkiýäniň elektrik zerurlygynyň hem artýandygyny belledi

945327
“Özgerýän Türkiýäniň elektrik zerurlygy hem artýar”

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda saparda bolýan Çawuşogly Mersinde guruljak Akkuýu atom elektrik bekediniň Türkiýede guruljak ilkinji atom elektrik bekediniň boljakdygyny mälim etdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Akkuýu dolulygyna gurulyp tamamlananyndan soň, Türkiýäniň elektrik zerurlygynyň 10 göterimi bu ýerden üpjün ediler” diýdi.

Akkuýu atom elektrik bekediniň Türkiýäniň energetika zerurlygyny dolulygyna üpjün edip bilmejekdigini aýdan Çawuşogly: “Türkiýäniň ykdysadyýeti ösýär. Sinopda 2-nji atom elektrik bekediň gurulmagy üçin ýaponlar we fransuzlar bilen gepleşikler geçirýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar