Russiýanyň Prezidenti Putin saýlawdan soňky ilkinji saparyny Türkiýä guraýar

Wladimir Putin 2 gün dowam etjek saparynyň dowamynda Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan bilen duşuşar, şeýle-de Eýranyň lideri Ruhaniniň gatnaşmagynda Siriýa meselesi boýunça üç taraplaýyn maslahata gatnaşar

943566
Russiýanyň Prezidenti Putin saýlawdan soňky ilkinji saparyny Türkiýä guraýar

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň şu gün Prezident Erdogan bilen rus döwlet firmasy “Rosatom” tarapyndan guruljak Akkuýu atom elektrik bekediniň gurluşygyna Ankaradan telekonferensiýa arkaly badalga berer.

Türkiýäniň ilkinji ýadro bekedi boljak Akkuýu Moskwa bilen Ankaranyň strategik hyzmatdaşlyga öwrülen nyşanalaryndan biri hökmünde kabul edilýär.

Putin we Erdogan soň bolsa Türkiýe-Russiýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahatyna ýolbaşçylyk ederler.

Maslahatda Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ulgamy, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýaly özara gatnaşyklary gyzyklandyrýan ugurlar ileri tutular.

Russiýanyň lideri ertir bolsa Erdogan we Eýranyň Prezidenti Ruhani bilen Ankarada üç taraplaýyn maslahat geçirer.

 



Degişli Habarlar