Prezident Erdogan terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi

Erdogan terrora garşy göreşde islendik pursat täze maksatlary aýan edip biljekdiklerini belledi

942717
Prezident Erdogan terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi

Erdogan Stambulda gurluşygy tamamlnanan 80 mekdebiň we mekdepleriň 59 sport zalynyň açylyş dabarasynda söz sözledi.

Çykyşynda terrora garşy göreşiň üstünde durup geçen Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu günki güne çenli 3872 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini aýdan Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň täze maksatlary goýmak taýarlygyndadygyny belledi.

Afrinden soň terrora garşy göreşde täze maksatlary islendik pursat aýan edip biljekdiklerini aýdan Erdogan: “Olar gaçýar, biz kowalaýarys. Näme boldy indi? Siriýa gaçdylar, Afrine gaçdylar, Yrakda Sinjara gaçdylar. Resmi Bagdada aýtdyk, aýratyn belläp geçdik Siz saplaýan bolsaňyz saplaň, bolmasa biz gelip Sinjary PKK-dan saplarys diýdik” diýip nygtady.



Degişli Habarlar