Fikri Yşyk TRT-e möhüm beýanatlar berdi

Wise-premýer Fikri Yşyk ABŞ-nyň Siriýanyň Manbij etraby bilen bagly beren sözünde durmalydygyny belledi

942643
Fikri Yşyk TRT-e möhüm beýanatlar berdi

TRT-de myhmançylykda bolan Fikri Yşyk terrora garşy göreş babatynda möhüm beýanatlar berdi.

Yşyk ABŞ-nyň DAIŞ bahanasy bilen Siriýanyň Manbij sebitine terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-e agza terrorçylary ýerleşdirendigini, DAIŞ-den soň terrorçylaryň sebiti boşaltjakdygy barada söz berendigini ýatlatdy.

Fikri Yşyk: “Manbij meselesi örän aýdyň bir mesele. ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Tramp we ozalky Prezident Barak Obama Prezident R.T. Erdogana biz Manbijden PKK/PÝD-ÝPG-ni çykararys diýip birnäçe gezek söz berdiler” diýip habar berdi.

Yşyk: “Eger söz berilen bolsa, sözüň arkasynda durulmaly, sözüň arkasynda durulmasa iki hyzmatdaş ýüz-ýüze geler. Bu ýagdaý bolsa Türkiýäniňem, ABŞ-nyňam islejek bir ýagdaýy däl” diýdi.

Yşyk Türkiýäniň Yragyň Sinjar sebitindäki terrorçylaryň ýerlerine garşy 1926-njy ýylda baglaşylan Ankara şertnamasyna laýyklykda operasiýa geçirmek hukugynyň bardygyny mälim etdi.

PKK-nyň dowamly häsýetde adyny üýtgedip, özüni gizlemäge synanyşýandygyny aýdan Yşyk guramanyň Sinjarda ÝBŞ adyny ulanýandygyny belledi.

Yragyň merkezi hökümetiniň terrora garşy göreş meselesinde gerek bolan çäräni görmelidigini aýdan Yşyk: “Yragyň hökümetinden Türkiýä wehim salýan ähli terrorçylary saplamagyna garaşýarys” diýdi.


Etiketkalar: #TRT , #Fikri Yşyk , #beýanat

Degişli Habarlar