Erdogan Makrona jogapkärçilikli hereket etmek çagyryşyny berdi

Prezident Erdogan terrorçylara goldaw berjekdigini aýdan Fransiýanyň Prezidenti Makrona jogapkärçilikli hereket etmek çagyryşyny berdi

942113
Erdogan Makrona jogapkärçilikli hereket etmek çagyryşyny berdi

 

Prezident R. T. Erdogan terrorçylara goldaw berjekdigini aýdan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona jogapkärçilikli hereket etmek çagyryşyny berdi.

Prezident R. T. Erdogan we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan partiýasynyň Adana welaýatynda geçirlen maslahatyna gatnaşdy.

Erdogan maslahatyň öňüsyrasynda halka ýüzlenip eden çykyşynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy hakyndaky tankydy belliklere jogap berdi.

Terrorçylara goldaw berjekdigini mälim eden Fransiýa garşylyk görkezen Erdogan “Türkiýä garşy durýanlar ilki terrorçylary Elysse köşgünde kabul edenler özlerine seretsin. Ýogsam biziň bilen dost bolup bilmezler. Biz bize dost bolanlar bilen dostlukly gatnaşyk ederis” diýdi.

Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşiniň käbir töwerekleri biynjalyk edýändigini aýdan Erdogan, terrora garşy tutanýerli göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Erdogan operasiýanyň çäginde häzire çenli 3844 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar