Prezident Erdogan Kosowanyň we Serbiýanyň liderleri bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Kosowanyň Prezidenti Haşim Taçi we Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

940683
Prezident Erdogan Kosowanyň we Serbiýanyň liderleri bilen söhbetdeş boldy

Prezident diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde duşenbe güni Serbiýanyň hökümetiniň Kosowa ofisiniň müdüri Marko Džuriç sebäpli başdan geçirilen dartgynlygyň üstünde durulyp geçildi.

Prezident Erdoganyň Serbiýanyň we Kosowanyň arasynda başdan geçirilen hadysanyň Belgrad-Priştina dialogyna zeper ýetmezligi üçin ünsli çemeleşmäge çagyrandygy mälim edildi.

Erdoganyň sebitiň parahatçylygy we asudalygy üçin Serbiýanyň we Kosowanyň arasynda geçirilýän dialogyň örän möhümdigini, Türkiýäniň bu ugurda islendik goşandy goşmaga taýardygyny aýdandygy habar berildi.   


Etiketkalar: #Erdogan , #Serbiýa , #Kosowa , #müdir

Degişli Habarlar