Afrinde ÝPG/PKK tarapyndan tälim we ýaşaýyş merkezi hökmünde ulanylýan harby merkez tapyldy

Azat Siriýa goşunynyň gözleg işlerinde Afriniň günortasynda ÝPG/PKK-ly terrorçylara degişli harby merkez tapyldy

940351
Afrinde ÝPG/PKK tarapyndan tälim we ýaşaýyş merkezi hökmünde ulanylýan harby merkez tapyldy

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde terrorçylardan saplanan Afrinde dowam etdirilýän gözleg işlerinde ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan tälim we ýaşaýyş merkezi hökmünde ulanylýan harby merkez ýüze çykaryldy.

Azat Siriýa goşunynyň gözleg işlerinde Afriniň günortasynda ÝPG/PKK-ly terrorçylara degişli harby merkez tapyldy.

Ady agzalýan zolakda tälim maksatly meýdançalar we operasiýadan soň ulanylmak üçin ýer asty tunelleri tapyldy.

Ýeriň aşagynda gurlan otaglarda ýarag ammarlary bilen birlikde aragatnaşyk ulgamlary we kompýuter tapyldy.

Ýeriň üstünde bolsa açyk tälim meýdançalaryna gabat gelindi.

Azat Siriýa goşunynyň serkerdelerinden İsmail Haj Süleýman merkeziň tälim ýerinde, ýatylýan ýerlerden, zenanlar üçin aýry tälim düşelgesinden we serkerdelikden ybaratdygyny aýtdy.

Süleýman terrorçylaryň merkezde partlaýjy madda we bomba ýüklenen ulaglary taýarlandyklarynyň anyklanylandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar