Prezident Erdogan Russiýada bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

Kemerowo şäherinde söwda merkezinde ýekşenbe güni bolan ýangynda 64 adam ýogalypdy, 44 adam hem ýaralanypdy

938269
Prezident Erdogan Russiýada bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan Russiýanyň Kemerowo şäherindäki söwda merkezinde bolan ýangynda ýogalanlar üçin kärdeşi Wladimir Putine gynanç bildirdi.

Ýüzlenmesinde Putine “Jenap Prezident, Gadyrly dostum” diýip ýüzlenen Erdogan “Russiýanyň Kemerowo şäherindäki söwda merkezinde bolan ýangynda çagalar bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna gaty gynandym. Öz adymdan we halkymyň adyndan apatda ýogalanlaryň hossarlaryna sabyr, size we dost rus halkyna gynanç bildirýärin” diýdi.

Kemerowo şäherinde söwda merkezinde ýekşenbe güni bolan ýangynda 64 adam ýogalypdy, 44 adam hem ýaralanypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar