PKK-a garşy göreş ýurdyň öz içinde hem giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýede 19-26-njy mart aralygynda geçirilen terrora garşy operasiýalarda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 24 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

937703
PKK-a garşy göreş ýurdyň öz içinde hem giň gerimli dowam etdirilýär

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä içerki howpsyzlyk operasiýalarynda 3 terrorçy Howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi, 11-i öli we 10-y diri ýagdaýda ele salyndy.

Mardin, Şyrnak, Wan, Muş, Tunjeli, Batman, Bitlis we Diýarbekir welaýatlarynda alynyp barylýan operasiýalarda terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan ulanylan 21 gaçybatalga, ýaşaýyş ýer we gowak bilen birlikde duzaklanyp goýulan 34 sany bomba we mina ýok edildi.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan partlaýjylary ýasamak üçin ulanylýan 300 kg agyrlygynda madda, 24 granat, 22-si agyr we uzyn nilli ýaraglar bolmak bilen 44 ýarag bilen birlikde 1664 sany enjam ele salyndy.

Operasiýalarda şeýle hem köp mukdarda neşe maddasy, ýangyç we çilim ele geçirildi.



Degişli Habarlar