Türkiýe-ÝB maslahaty Bolgariýada başlady

Türkiýe-ÝB maslahaty Bolgariýanyň Warna şäherinde başlady

938073
Türkiýe-ÝB maslahaty Bolgariýada başlady

Prezident Erdogan ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk, ÝB Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker we ÝB-niň döwürleýin başlygy Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen iş naharynda duşuşdy.

Euksinograd köşgünde metbugata ýapyk häsýetde geçen iş naharyndan ozal Prezident Erdogan, Tusk, Ýunker we Borisow bilen surata düşdi. 

Maslahat iki tarap üçin öwrülişik nokady bolup biljegi üçin örän möhüm. 

Türkiýäniň esasan hem Siriýanyň Afrin sebitinde alyp barýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde nähak tankytlara sezewar galmagyna Prezident Erdoganyň üsti bilen anyk jogap bermegine garaşylýar. 

Erdogan geçen hepde beren beýanatlarynyň birinde maslahat bilen baglanşykly Ýewropanyň Türkiýä garşy gowy niýet bilen utgaşmaýan garaýyşyň arasynda terror guramalarynyň ÝB ýurtlaryndaky işlerine ünsleri çekip: "Ýurdumyza garşy bolan terror guramasyna agza näçe terrorçy bar bolsa ählisi Ýewropada başa täç edilýär, olara mugt ýarag berilýär, ol ýaraglar bize garşy ulanylýar. Afrinde şoňa şaýat bolduňyz. Ýewfrat galkany operasiýasynda gördüňiz. Bu ýerlerde bize beren sözlerinde durmadylar" diýipdi. 



Degişli Habarlar