Mejlisiň başlygy Ismail Kahraman Şweýsariýada saparda bolýar

TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman resmi sapar bilen baran Şweýsariýada Saud Arabystanynyň Şura mejlisiniň başlygy Abdullah Bin Muhammed Bin Ibrahim El Şeýh bilen duşuşyk geçirdi

937022
Mejlisiň başlygy Ismail Kahraman Şweýsariýada saparda bolýar

Ženewada bir myhmanhanada geçen duşuşykda Adalat we ösüş partiýasynyň, Respublikan Halk partiýasynyň we Milletçi Hereket partiýasynyň deputatlaryndan emele gelen wekiliýet Kahramana ýoldaşlyk etdiler.

Ismail Kahraman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitindäki Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen baglanşykly Saud Arabystanynyň Şura mejlisiniň başlygy Abdullah Bin Muhammed Bin Ibrahim El Şeýhe maglumat berdi, iki ýurdyň halkara guramalaryň ençemesi boýunça pikirdeşdigine ünsleri çekdi.

Duşuşykda Kahraman mundan başgada Türkiýe bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrjak hereketlerden uzak durmagyň gerekdigini belläp: “Bizi biri-birimizden uzaklaşdyrmagy maksat edinýän töwerekleriň bardygy düşünjesi bilen hereket etmelidiris” diýip belledi.



Degişli Habarlar