Erdogan, Putin we Ruhany 4-nji aprelde Ankarada Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşar

Üçtaraplaýyn maslahatyň ikinjisi 4-nji aprelde Ankarada geçirler

931352
Erdogan, Putin we Ruhany 4-nji aprelde Ankarada Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşar

Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderleri 4-nji aprelde Ankarada Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşar.

Birinjisi noýbar aýynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirlen üçtaraplaýyn maslahatyň ikinjisi 4-nji aprelde Ankarada geçirler

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek Siriýa maslahatyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani gatnaşar.

Üç lider Soçi maslahatynyň jemleýji jarnamasynda hem-de syýasy geçiş etabynda ýetilen soňky sepgit bilen birlikde çaknyşyksyz zolaklardaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşar.

Siriýa maslahatynyň öňüsyrasynda Erdogan bilen Putin Stambulda duşuşar.

Iki kärdeş  iki ýurduň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşinde özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşar.

 

 



Degişli Habarlar