Türk ýaragly güýçleri Afrinde bildiriş paýlady
Türk ýaragly güýçleri Afrinde halka arap we kürt dillerinde taýarlanan bildirişleri uçarlar arkaly paýlady
Bildirişde: “Terror pozisiýalaryndan daş duruň. Sizi we çagalaryňyzy janly galkan hökmünde ulanmaklaryna ýol bermäň” diýilip, Afrinden gitmek isleýäň asuda ilatyň Türk ýaragly güýçleriniň hemaýatyndadygy nygtalýar.
Türk ýaragly güýçleriniň ýeke-täk nyşanasynyň “terrorçylar bolandygy” barada nygtalýan bildirişde: “Hormatly afrinli doğanlarymyz terror guramalary PKK/PÝD/ÝPG/DAİŞ uzak ýyllardan bäri size we bize ähli taraplaýyn zyýan berip gelýär. Sizi öýüňizden, ýurduňyzdan, hossarlaryňyzdan mahrum etdiler, terrorçylaryň öňüniň alynmaly wagty ýetdi” diýilip, hakyky maglumat almaküçin Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyň radiosyny diňlemegi maslahat berilýär.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.