Erdogan ÝP-niň kararyna ýene-de bir gezek reaksiýa bildirdi

Prezident R.T.Erdogan Ýewropa Parlamentiniň Türkiýäniň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy baradaky kararyna ýene-de bir gezek reaksiýa bildirdi

931436
Erdogan ÝP-niň kararyna ýene-de bir gezek reaksiýa bildirdi

Erdogan Erzurumda sözlän sözünde: “Eý Ýewropa Parlamenti, siz bu millede haçandan bäri akyl bermäge başladyňz? Aklyňyz özüňize galsyn” diýdi.

Erdogan ÝP-niň düýn “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada kabul eden kararyna; “3,5 million siriýala 7 ýyldan bäri ýer eýeçiligini edýän biz. Gapylary açyp, ugradan bolsadyk, gaçara ýer tapmardyňyz. Bize ýalbarardyňyz. Biz adamkärçilik etdik, emma siz oňa düşünmeýäňiz ahyry. Häzirki wagtda-da isleýän kararyňyzy kabul ediň. Bir gulakdan girip, beýlekisinden çykar. Siziň kabul edeň kararyňyzy haýsydyr bir gymmaty ýok” diýip, garşylyk görkezdi.

ÝP-niň Baş Assambleýasynda düýn kabul edilen taslamada Türkiýä Afrine guralýan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasyny bes etmegi barada çagyryş berilip, operasiýanyň asuda ilata howp salýandygy öňe sürülipdi.

Afrinde möwjeýän dartgynlyga alada bildirilen kararda, Türkiýäniň Afrindäki esgerlerini yzyna çekmegi we pozitiw pozisiýa eýelemegi üçin çagyryş edilipdi. Kararda: “Afrinden asuda ilatyň ýitgi çekendigi barada habarlar gelip gowşandygy öňe sürülip; “BMG tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen toparlaryň ýok edilmegi ugrunda göreşmäge gönügilmegi” islenipdi.



Degişli Habarlar