Zeýtun şahajygy operasiýasynda uly öňe gidişlik edildi

Prezident Erdogan “Afrine girdik, girýäris, has golaýladyk” diýdi

929984
Zeýtun şahajygy operasiýasynda uly öňe gidişlik edildi

 

Prezident R. T. Erdogan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda uly öňe gidişlik edilendigini nygtady.

Prezident Erdogan “Afrine girdik, girýäris, has golaýladyk” diýdi.

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksinde 14-nji mart Medisina baýramy mynasibetli geçirlen maslahatda eden çykyşynda, Türkiýäniň derdiniň basyp alyjylyk bolmandygyny, serhetde gurulmak isleýän terror koridorynyň öňüni almak we sebiti terrorçylardan saplamak üçin operasiýa geçirýändigini belledi.

Prezident Erdogan “Olaryň ýarag getiren ýerine biz ynsanperwer kömegini alyp gidýäris. Bu hem biziň olardan tapawutlydygymyzy görkezýär” diýdi.

Adyny agzamazdan ABŞ-na ýüzlenen Erdogan “Siriýada 20 harby baza guruldy. Eýsem şol harby bazalar näme üçin guruldy?” diýdi.

 



Degişli Habarlar