Ibrahin Kalyn: “Afriniň 70 göteriminde howpsyzlyk üpjün edildi”

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahin Kalyn Siriýanyň Afrin etrap merkeziniň terrorçylardan dolulygyna saplanmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi

930314
Ibrahin Kalyn: “Afriniň 70 göteriminde howpsyzlyk üpjün edildi”

Ibrahim Kalyn TRT Habarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde dowam edýän Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat beren Kalyn: “Afrini täze bir Kandil etmek isleýärlerdi. Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen bu meýilnama puja çykaryldy. Gabaw barha daralýar terrorçylar üçin. Iň gysga wagtda Afrin merkeziniň terrorçylardan dolulygyna saplanmagyny göz öňünde tutýarys” diýip belledi.

Operasiýanyň üstünlikli dowam edýändigini aýdan Ibrahim Kalyn: “Häzirki wagtda Afriniň 70 göteriminiň howpsyzlygy üpjün edildi” diýdi.



Degişli Habarlar