"Dörttaraplaýyn hyzmatdaşlyk sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna goşant goşar"

Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýäniň ýurtlaryň territorial bitewiligine goldaw berýändigini belledi we her bir adamyň muňa sarpa goýmalydygyna ünsi çekdi

930550
"Dörttaraplaýyn hyzmatdaşlyk sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna goşant goşar"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň- Azerbaýjanyň-Gürjistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna goşant goşjakdygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň- Azerbaýjanyň-Gürjistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyndan soň beren beýanatynda dörttaraply mehanizmiň ilkinji maslahatynyň geçirilmeginden hoşaldygyny belledi.

Çawuşogly “Bu mehanizm umumy taryha we medeniýete eýe bolan ýurtlaryň arasynda dörediledi. Halklarymyzyň arasynda hem içgin dialog bar. Üç ýurt bilen birlikde möhüm taslamalary durmuşa geçirýäris” diýdi.

Türkiýäniň, Azerbaýjan, Gürjistan we Eýran bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny gün saýyn berçinleşdirýändigini aýdan Çawuşogly “Men bu dörttaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýäniň ýurtlaryň territorial bitewiligine goldaw berýändigini belledi we her bir adamyň muňa sarpa goýmalydygyna ünsi çekdi.

Dört ýurduň ýerleşýän geografiýasynyň uly mümkinçilige eýedigini aýdan Çawuşogly, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň hem has-da pugtalanjakdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar