Erdogan Afriniň agşama çenli terrorçylardan saplanmagyny arzuw etdi

Prezident R.T.Erdogan Prezidentiň kompleksinde Arçynlaryň 46-njy maslahatynda “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada durup geçdi

929497
Erdogan Afriniň agşama çenli terrorçylardan saplanmagyny arzuw etdi

20-nji ýanwarda başladylan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasynda şu günki güne çenli 3,444 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan eden Erdogan; “Afrine hasam golaýladyk. Men agşama çenli Afriniň dolulygyna synmagyny tama edýarin. Elbetde işimiz ýeňil däl. Günbatar ýaly asuda ilaty gyramyzok. Ruandada, Liwiýada, Yrakda onlarça, ýüzlerçe müň adamy öldürdiler. İlki şolaryň hasabyny bersinler. Türkiýe asuda ilaty öldürýän bolsady, Afrinde iş bir wagtlar gutarardy” diýdi.

Prezident Erdogan Afrinde ulanylýan ýaraglaryň 65 göteriminiň ýerlidigini we onuň hasam artjakdygyny aýtdy.

Afriniň etrap merkezinde garşylyk görkezjekdigini aýdýan terrorçylaryň Türk ýaragly güýçleri sebite giren mahaly yzyna seretmän gaçandygyny gürrüň beren Erdogan, terrorçylaryň gaçýarka şäherden çykmak isleýän asuda ilaty galkan hökmünde ulanmak üçin olara gitmäge rugsat bermändigini aýtdy.

Afrindäki terrorçylaryň ýekelikde hereket etmeýänsdigine ünsi çeken Erdfogan; “Görýäňiz, şol daglarda nähili tüneller gazypdyrlar. Olary kim gazdy? Şol terrorçylarmy? Diňe olar däl, olaryň şärikleri bar” diýdi.

Afriniň terrorçylardan saplanjakdygyny nygtan Erdogan: “Munbiçem saplarys, Ýefrat derýasynyn gündogaryny hem Demirgazyk Yrak serhedimize çenli terrorçylardan saplarys. Golaýda Demirgazyk Yragy terrorçylaryň başyna ýumrarys. İlki bilen öz howpsyzlygymyzy üpjün ederis” diýdi.



Degişli Habarlar