Prezident Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini aýtdy

Erdogan partiýasynyň Mersinde geçirlen maslahatynyň öňüsyrasynda halka ýüzlenip çykyş etdi

926733
Prezident  Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini aýtdy

Prezident R. T. Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini aýtdy.

Erdogan partiýasynyň Mersinde geçirlen maslahatynyň öňüsyrasynda halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Erdogan çykyşynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini belledi.

Türkiýäniň derdiniň territoria bolmandygyny ýene-de bir gezek nygtan Erdogan, operasiýanyň Siriýanyň demirgazygyny terrorçylardan saplamagy maksat edinýändigini ýatlatdy.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşunynyň Afrine tarap öňe barýandygyny aýdan Erdogan, sebitiň terrorçylardan saplanandan soň hakyky eýelerine gowşuryljakdygyny nygtady.

Erdogan “Häzire çenli 850 ine dördül kilometrlik meýdany gözegçilik astyna aldyk. Biz 2 müň ine dördül kilometrlik meýdany gözegçilik astyna almagy maksat edinýäris” diýdi.

Prezident Afrinden soň hem terrora garşy operasiýalaryň dowam etjekdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar