“Operasiýa diňe sebiti terrorçylardan saplamak maksady bilen başladyldy”

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň diňe terrorçylardan saplamak maksady bilen başladylandygyny beýan etdi

925677
“Operasiýa diňe sebiti terrorçylardan saplamak maksady bilen başladyldy”

Prezident Erdogan Beştepe Medeniýet we kongresler merkezinde Maşgala we sosial syýasatlar ministrliginiň Bütindünýä Zenanlar gününe bagyşlap geçiren çäresinde eden çykyşynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 20-nji ýanwarda başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasynda häzirki wagta çenli täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 3089-a ýetendigini habar berdi.

Jarablus ýaly Afriniň hem terrorçylardan saplanyp eýelerine beriljekdigini aýdan Erdogan: “Afrinede azyndan 140-150 müň, belkem 200 müň adam yzyna gaýdyp barar. Ol ýerdäki takmynan 2 müň ind kilometrlik ýeri dolulygyna gözegçilik astyna alanymyzdan soň, ol ýere afrinli doganlarymyz ýerleşer. Biz basyp alyjylyk üçin girmedik ol ýere” diýdi.

Operasiýalaryň maksatlarynyň bellidigini we durmajakdygyny aýdan Erdogan: “Amerika, Günbatar bu ýerde siziň näme işiňiz bar? Biziň 910 km serhedimiz bar. Dowamly häsýetde hüjüme sezewar bolýarys. 20 sany baza gurupsyň, Siriýanyň demirgazygynda şonça baza nämä gerek? 5 müň ýük ulaglyk ýarag getirdiň, kime garşy ulanylar olar? DAIŞ-i sapladyk diýýärsiň, onda bu ýaraglar kime garşy ulanyljak? Ýogsam bular biz üçin getirdiňmi bulary? Bizi bular ýaly tehnologiýa, olar gorkutmaz” diýdi.



Degişli Habarlar