Erdogan Putin bilen gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

924347
Erdogan Putin bilen gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdy

Alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde başda Gündogar Gutada başdan geçirilýän adamzat pajygasy bolmak bilen Siriýadaky soňky wakalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Erdogan we Putin BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2401 belgeli kararynyň çäginde Gündogar Gutada ylalaşygyň düzgünleriniň doly ýagdaýda berjaý edilmegi üçin esasan hem Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň bilelikde tagalla etmeginiň örän möhümdigini bellediler.

Telefon söhbetdeşliginde Gündogar Gutadaky halka ynsanperwer kömekleriň ýetirilip, başdan geçirilýän betbagtçylygyň iň gysga wagtda bes edilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Prezident Erdoganyň Afrinde terrorçylara garşy Türkiýe tarapyndan alynyp barylýan operasiýa barada maglumat beren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünde hem durulyp geçildi.

Iki lider öňümizdäki aý Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň liderler derejesinde Stambulda geçirilmegi meýilleşdirilýän maslahat barada hem pikir alyşdy.



Degişli Habarlar