Türkiýe Germaniýadan PÝD/PKK-nyň ozalky egindeş baştutany Müslimiň berilmegini isledi

Türkiýe Germaniýadan ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-nyň ozalky egindeş baştutany Salih Müslimiň wagtlaýyn tussag edilmegini we yzyna berilmegini isledi

923095
Türkiýe Germaniýadan PÝD/PKK-nyň ozalky egindeş baştutany Müslimiň berilmegini isledi

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Ankara 4-nji Ýokary Jenaýat kazyýetiniň 2016-njy ýylyň 13-nji martynda Ankara şäheriniň merkezindäki Kyzylaý etrapçasynyň Güwenpark meýdançasyndaky awtobus duralgasynda bomba ýükelenen ulag bilen guralan we 36 adamyň ýogalmagy, 349 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjümiň jogapkärlerinden Salih Müslimiň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly Adalat ministrliginiň Halkara hukuk we daşary gatnaşyklar Baş müdürligine ýüzlenilip ýazylan karary nemes resmilerine gowşurdy.

Nemes resmilerine geçen hepdäniň anna güni berilen kazyýet kararynda Müslimiň wagtlaýyn tussag edilmegi we yzyna gaýtarylyp berilmegi talap edilýär.

Çehiýanyň paýtagty Pragada göz tussaglygyna alynanyndan soň 27-nji fewralda kazyýet tarapyndna azat edilen Salih Müslim 2 gün ozal bolsa Germaniýanyň paýtagty Berlinde ektremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapdarlary tarapyndan guralan mitinge gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi.



Degişli Habarlar