“Afrinde gahryman Mehmetjiklerimiz dessan ýazýar"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym partiýasynyň Konýadaky 6-njy maslahatyna gatnaşdy

922098
“Afrinde gahryman Mehmetjiklerimiz dessan ýazýar"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Rajo etrapçasynyň terrorçylardan saplanandygyny aýtdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili we Premýer ministr Binali Ýyldyrym partiýasynyň Konýadaky 6-njy maslahatyna gatnaşdy.

Premýer ministr Ýyldyrym maslahatda eden çykyşynda “Afrinde gahryman Mehmetjiklerimiz dessan ýazýar. Rajo hem terrorçylardan saplandy” diýdi.

Ýyldyrym “Afini gabaw astyna alyndy. Serhetlerimiziň golaýyndaky etrapçalar terrorçylardan saplandy. Türk ýaragly güýçlerimiz bilen Azat Siriýa goşuny Afrine tarap aýgytly ädimler bilen öňe barýar. Terrorçylaryň bar ýerini nyşana almaga dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar