Türkiýe ýasda…

Zeýtun şahajygy operasiýasynda 8 esger şehit boldy

921150
Türkiýe ýasda…

 

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda 8 esger şehit boldy.

Baş ştabdan berlen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde Afrinde geçirlen operasiýada 8 esgeriň şehit bolandygy, 13 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Beýanatda “Bizi çuňňur gynandyran bu hüjümde ýogalan eziz şehitlerimize Alladan rehnet, şehitlerimiziň hossarlaryna, Türk ýaragly güýçlerine we beýik türk halkyna gynanç we sabyr dileýäris, ýaralanan esgerlerimize hem şypa dileýäris” diýildi.

Resmi sapar bilen Senegala giden Prezident Erdogan Afrinde howpsyzlyk güýçleri bilen terrorçylaryň arasynda bolan çaknyşyk hakynda Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar bilen İçeri işler ministri Süleýman Soýla telefon edip maglumat aldy.

Çaknyşyklarda esgerleriň ýogalmagyna çuňňur gynanç bildiren Erdogan, şehitlere Alladan rehnet, ýaralanan esgerlere hem gyssagly şypa diledi.

Prezident Erdogan şehitleriň gam-gussaly hosarlaryna we howpsyzlyk güýçlerine gynanç bildirdi.

 

 

 



Degişli Habarlar