General Akar Yrakda resmi saparda boldy

Akar paýtagt Bagdatda yrakly kärdeşi Osman Al Ganimi bilen duşuşdy

921158
General Akar Yrakda resmi saparda boldy

Baş Ştabyň Başlygy general Hulusi Akar düýn resmi sapar bilen Yrakda boldy

Akar paýtagt Bagdatda yrakly kärdeşi Osman Al Ganimi bilen duşuşdy.

Baş Ştabyň Başlygy general Hulusi Akar duşuşykdan soň berilen metbugat beýannamasynda kärdeşi bilen serhet howpsyzlygy we terrorçylyga garşy göreş boýunça depgini güýçlenen özara harby gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi barada pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Duşuşykda düýpli taryha eýe bolan Türkiýäniň we Yragyň ýaragly güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny beýan eden Akar; “Hem Türkiýe hem-de Yrak sebitdäki şertler sebäpli ýüze çykan birmeňzeş howplara sezewar. Biz häzirki wagtda serhet howpsyzlygy we terrorçylyga garşy göreş ugurlarynda depgini güýçlenen özara harby gatnaşyklaryň has ýokary derejä göterilmegini arzuw edýäris. Sebitiň esasy iki ýurdy we esasy ýaragly güýçleri hökmünde hyzmatdaşlygymyzyň ýokary depginde ösjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Yragyň Baş Ştabynyň Başlygy Ganimi bolsa Akaryň Bagdada guran saparynyň ozal meýilleşdirilendigini belläp; “Bu sapar ýany bilen iňňän uly we möhüm netijeleri getirýär. Şolaryň başynda özara harby gatnaşyklaryň tälim, ýaraglanma we maglumat alyşmak ýaly ugurlarda ösdürilmegi durýar” diýdi.

İki ýurduň arasyndaky serhet howpsyzlygy, harby tejribe we maglumat ugurlarynyň hasam giňeldilmegi üçin bilelikdäki toparyň döredilmegi barada pikir alyşandyklaryny aýdan Ganimi; “Bu sapar iki ýurduň halkynyň bähbidine bolan birnäçe başlangyjyň edilmegine goşant goşar” diýdi.

Baş Ştabyň Başlygy general Hulusi Akar saparynyň çäginde Yragyň Goranmak ministri İrfan Al Hiýali bilen hem duşuşdy.

 



Degişli Habarlar