Prezident Erdogan Senegala bardy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Afrika saparynyň çäginde Senegala bardy

921020
Prezident Erdogan Senegala bardy

Erdogan Senegalyň Prezidenti Maky Sall tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Prezident köşgünde geçirilen resmi dabaradan soň Erdogan kärdeşi Sall bilen salamlaşyp, surata düşdiler. 

Erdogan we Sall ondan soň bolsa ikiçäk we toparara gepleşikler geçirmäge geçdiler. 

Garşylamak dabarasyna Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, Azyk, oba-hojalyk we maldarçylyk ministri Ahmet Eşref Fakybaba, Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçi, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş bilen Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ýaly ýolbaşçylar gatnaşdylar. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Senegal , #Afrika

Degişli Habarlar