Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilýän terrorçylaryň sany artýar

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilýän terrorçylaryň sany 2184-e ýetdi

919817
Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilýän terrorçylaryň sany artýar

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynda şu gün gury ýerden we howadan geçirilen operasiýalaryň netijesinde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza ýene-de 101 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 2184-e ýetendigi habar berildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä sebitiň howpsyzlygyny we asudalygyny üpjün etmek, Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Afrin sebitinde PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny olaryň basyşyndan we zulmundan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladylan operasiýa dowam edýär.



Degişli Habarlar