Prezident Erdogan fransuz kärdeşi Makron bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron telefon arkaly söhbetdeş boldylar

918488
Prezident Erdogan fransuz kärdeşi Makron bilen söhbetdeş boldy

Prezident diwanyndan alynan maglumata görä iki lider Siriýada başdan geçirilen soňky wakalary we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat beren Prezident Erdogan Afriniň terrorçylardan saplanmagyndan soň, bosgunlaryň hem Siriýa gaýdyp barmaga başlajakdygyny beýan etdi.

Prezident Erdoganyň Afrindäki operasiýada asuda ilata zeper ýetmezligi üçin ähli çäreleriň görülýändigine üns çekilen telefon söhbetdeşliginde Siriaýdaky ýagdaýlar bilen baglanşykly BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň bir agyzdan kabul eden kararynyň üstünde hem durup geçdi.

Bu karara hoşaldyklaryny aýdan iki lider başda Gündogar Guta bolmak bilen ýagdaýyň kadalaşmagy üçin kararyň ýola goýulmagynyň möhümdigini bellediler.  

Telefon söhbetdeşliginde Siriýada syýasy çözgüt üçin umumy tagallanyň möhümdigi bellenip geçildi.

Kipr meselesiniň hem ara alynyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogan söhbetdeşine aýratyn ykdysady zolak we uglewodorod babatynda DKTR-nyň we Türkiýäniň biynjalyklygy ýatladyldy.

Türkiýäniň Prezident Erdogan we Fransiýanyň Prezidenti Makron mundan başgada öňümizdäki etapda aragatnaşykda boljakdyklary baradaky tutanýerliliklerini tassykladylar.



Degişli Habarlar