Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi

ÝPG/PKK-DAIŞ-iň basyp alyşlygy astyndaky Afrinde häzire çenli jemi 109-y ýeri terrorçylardan saplady

917696
Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, operasiýanyň çäginde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçün howadan we gury ýerden guralýan hüjümler dowam edýär.

Operasiýanyň başlan güni bolan 20-njy ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2021-e ýetdi.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşuny Afriniň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Raju etrapçasynda Şyh Muhammedli, Dudu, Semalyk, Welikli we Kawanda obalaryny ÝPG/KJK-DAIŞ-den halas etdi.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşuny operasiýanyň başlan gününden bäri ÝPG/PKK-DAIŞ-iň basyp alyşlygy astyndaky Afrinde häzire çenli jemi 109-y ýeri terrorçylardan saplady.



Degişli Habarlar