Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

Terrorçylykly hüjümlerde esgerler bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi

917545
Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

 

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabul bilen Farah we Helmand welaýatlarynda guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda terrorçylykly hüjümlerde esgerler bilen birlikde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýanatda “Terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarys, hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, owgan hökümetine we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris” diýildi.

 



Degişli Habarlar