Türkiýe DAIŞ-e garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýär

DAIŞ 304 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy

917002
Türkiýe DAIŞ-e garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýär

2013-nji ýylda DAIŞ-i terror guramasy hökmünde kabul eden Türkiýe, terror guramasyna garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýär.

Türkiýede soňky birnäçe ýylda 14 hüjüm guran gurama, 10-y polis gullukçysy we 1-i esger bolmak bilen jemi 304 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

DAIŞ tarapyndan guralan hüjümlerde 62-si polis gullukçysy we 7-si esger bolmak bilen jemi 1338 adam bolsa ýaralandy.

3840-y daşary ýurtly bolmak bilen jemi 9350 terrorçy saklandy, 1337-si daşary ýurtly bolmak bilen 3067 adam tussag edildi.

Gurama goldaw bermegi maksat edinýän 12 jemgyýet ýapyldy.

33 şäherde 4550 adam deport edildi.

 



Degişli Habarlar