TÝG bu gezek bolsa Siriýanyň hökümediniň tarapdary bolan terrorçylar bilen ýüz-ýüze

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bu gezek bolsa Siriýanyň hökümediniň tarapdary bolan terrorçylar bilen ýüz-ýüze

914638
TÝG bu gezek bolsa Siriýanyň hökümediniň tarapdary bolan terrorçylar bilen ýüz-ýüze

Afrini ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-e agza terrorçylar bilen birlikde DAIŞ-e agza terrorçylardan saplamagy maksat edinýän Türkiýäniň Ýaragly güýçleri şol maksat bilen alyp barýan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde indi bolsa Siriýanyň hökümediniň tarapdary bolan terrorçylara garşy söweşýär. 

Terrorçy toparlar Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň duýduryş bermek maksady bilen açan ody bilen Afriniň şäher merkezine 10 kilometr alysda yzyna serpikdirildi. 

Duýduryş bermek maksady bilen açylan otdan soň terrorçylaryň yza çekilendigi habar berildi. 

Prezident Erdogan düýn Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde "Siriýanyň hökümedi bu ýola girse netijeleri bolar" diýip duýduryş beripdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem: "Eger Siriýanyň hökümedi Afrine terror guramasy ÝPG-ni saplamak üçin girse onda mesele ýok, ÝPG-ni goramak üçin girse bizi, türk esgerini hiç kim duruzyp bilmez" diýip belläpdi.



Degişli Habarlar