Erdogan Siriýada hökümediň tarapdary bolan terrorçylaryň Afrine girmegi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Siriýada ýurdyň hökümediniň tarapdary bolan terrorçylaryň Afrine girmegi bilen bagly beýanat berdi

914655
Erdogan Siriýada hökümediň tarapdary bolan terrorçylaryň Afrine girmegi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti: "Ol delo häzirlikçe ýapyldy. Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň od açmagy netijesinde yza çekilmäge mejbur galdylar" diýdi.

Resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Makedoniýanyň Prezidenti Jorj Iwanow bilen duşuşyk geçiren Erdogan, ondan soň bolsa myhman kärdeşi bilen metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Prezident Erdogan Siriýanyň hökümediniň tarapdarlary bolan güýçleriň Afrine girmegi bilen baglanşykly berilen soraga jogap berip: "Şu gün agşam ol ýerlerdäki şaýy söweşijileriň ulaglary bilen Afrine barýandygy anyklandy. Emma ondan soň od açylmagy netijesinde yza çekilmäge mejbur galdylar we delo ol ýerde häzirlikçe ýapyldy. Terror guramalary käwagt özüňizem bilýärsiňiz, öz başlaryna kabul eden kararlar bilen ýalňyş ädimler edýärler. Munyň jogabyny artykmajy bilen bererler" diýdi. 


Etiketkalar: #Afrin , #Erdogan , #Makedoniýa

Degişli Habarlar