“Asad bilen PÝD/ÝPG-niň ylalaşyk gazanandygy hakyndaky habarlar propaganda maksatlydyr”

Ibrahim Kalyn Twitter arkaly ýüzlenme berdi

914063
“Asad bilen PÝD/ÝPG-niň ylalaşyk gazanandygy hakyndaky habarlar propaganda maksatlydyr”

Siriýada, Siriýanyň hökümeti bilen ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-niň Afrin meselesinde ylalaşyk gazanandygy hakyndaky garaýyşlara Prezidentiň metbugat sekretary jogap berdi.

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn şuňa meňzeş garaýyşlaryň propaganda maksatlydygyny nygtady we “Emma bu gizlinlikde gepleşik geçirmeýändikleri manysyny aňlatmaýar” diýdi.

Kalyn Twitter arkaly beren ýüzlenmesinde Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda 20-njy ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berdi.

“Afrin meselesinde Siriýanyň hökümeti bilen PÝD/ÝPG-niň ylalaşyk gazanandygy hakyndaky habarlar propaganda maksatlydyr” diýen Kalyn “ Emma bu gizlin gepleşik geçirmeýändikleri manysyny hem aňlatmaýar, öňe sürülýän ähli garaýyşlara garamazdan Zeýtun şahajygy operasiýasy tutanýerlilik bilen dowam eder we maksadyna ýeter” diýip belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar