Türkiýäniň harby uçarlary Yragyň demirgazygyna howa hüjümlerini gurady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde serhet birikmelerine we harby bölümlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýerlerine garşy howa hüjümlerini gurady

912637
Türkiýäniň harby uçarlary Yragyň demirgazygyna howa hüjümlerini gurady

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan terror guramasynyň Yragyň demirgazygyndaky ýerlerine garşy hüjümlerini dowam etdirýändigi bellendi.

Şol çäkde Hakurk sebitinde serhet birikmelerine we harby bölümlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanan ekstremist terror guramasynyň ýerlerine garşy howa hüjümleri guraldy.

Operasiýanyň netijesinde terrorçylara degişli gaçybatalgalar, gowaklar we ýarag liniýalary ýer bilen ýegsan edildi.

Howa hüjümlerine gatnaşan uçarlaryň howpsyz ýagdaýda bazalaryna dolanyp gelendigi habar berildi.



Degişli Habarlar