Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Baş ştab mesele bilen bagly beýanat berdi

910098
Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy

Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda guran howa hüjüminde terrorçylara degişli gaçybatalga, gowak we ýarag ammary hökmünde ulanylýan 8 ýeri nyşana aldy we hatardan çykardy.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän ekstremist terror guramasyna degişli ýerler nyşana alynmaga dowam edýär.

Operasiýalaryň çäginde Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Sinath-Haftanin, Metina, Gara, Awaşin we Basýan etrapçalarynda howpsyzlyk güýçlerine garşy hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändikleri anyklanylan ekstremist terror guramasyna garşy howa hüjümi guraldy.

Operasiýada ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylýandygy anyklanylan gaçybatalga, gowak we ýarag ammary hökmünde ulanylýan 8 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Operasiýa gatnaşan harby uçarlar wezipelerini üstünlikli tamamlap harby bazalaryna gaýdyp geldi.

 

 



Degişli Habarlar