Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başyndan bäri jemi 31 türk esger şehit boldy

Beýanatda operasiýanyň meýilleşdirilişi ýaly üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi beýan edildi.

909128
Zeýtun şahajygy operasiýasynyň başyndan bäri jemi 31 türk esger şehit boldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň Afrin sebitinde 20-nji ýanwarda başladylan Zeýtun şahajygy operasiýasynda şu günki güne çenli jemi 31 türk esgeriň şehit bolandygyny habar berdi. 

TÝG terror guramasyna agza terrorçylar bilen bolan çaknyşyklarda şeýle hem 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr bolan 143 esgeriň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Beýanatda operasiýanyň başyndan bäri Harby-howa güýçlerine degişli uçarlar tarapyndan PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalaryna degişli 627 nyşananyň ýok edilendigi, PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalaryna agza azyndan 1369 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellendi. 

Beýanatda operasiýanyň meýilleşdirilişi ýaly üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi beýan edildi. 

 


Etiketkalar: #türk , #esger , #beýanat , #operasiýa

Degişli Habarlar