Erdogan “Ýogalmagynyň 100-nji ýylynda Soltan Abdülhamidi hatyralamak” çäresine gatnaşdy

Prezident Erdogan Stambulyň Ýyldyz köşgünde “Ýogalmagynyň 100-nji ýylynda Soltan Abdülhamidi hatyralamak” ady bilen geçirilen çärede söz sözledi

908023
Erdogan “Ýogalmagynyň 100-nji ýylynda Soltan Abdülhamidi hatyralamak” çäresine gatnaşdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan TRT-de ýaýlyma berilýän we örän halanyp tomaşa edilýän Paýtagt Abdülhamid serialynyň dürli-dürli dillere terjime edilip, dünýäniň biri-birinden tapawutly ýurtlaryna eksport edilmeldigini belledi

Erdogan bir milleti bar eden, oňa ýatkeşlik we häsiýet edindirýän zadyň taryhy wakalaryň bütewiligidigini nygtady.

Türk taryhyna buýsanýandyklaryny, her milletiň bular ýaly taryha eýe bolmandygyny aýdan Rejep Taýýip Erdogan geçmişden ders almagy ýatdan çykarmaýandyklaryny belledi.

Abdülhamid Hany öňden görüji we strateg şahsyýetleriň biri hökmünde görýändiklerini aýdan Türkiýäniň Prezidenti: “Abdülhamid Hanyň: Birlik we jebislik ähli güýçden ýokarydyr sözi şu günki günde hem döwlet we millet hökmünde ähli işlerimizde ýol ýörelgämiz bolmagyny dowam etdirýär” diýdi.

“Paýtagt Abdülhamid” ýaly seriallary halka ýetirýändigi üçin TRT-e minnetdarlyk bildiren Erdogan bu serialyň dünýäniň dürli-dürli dillerine terjime edilip, dünýäniň biri-birinden tapawutly ýurtlaryna eksport edilmeldigini belledi.

Erdogan taryhçy Prof. Dr. Ilber Ortaýly tarapyndan dünýäniň soňky ähliumumy imperatory hökmünde häsýetlendirilen Soltan Abdülhamidi hormat bilen hatyralaýandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar