“Zeýtun şahajygy operasiýasy soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”

Premýer ministr Ýyldyrym Zeýtun şahajygy operasiýasynyň sebitde soňky terrorçy ýok edilýänça dowam etjekdigini aýtdy

907848
“Zeýtun şahajygy operasiýasy soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder”

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Zeýtun şahajygy operasiýasynyň sebitde soňky terrorçy ýok edilýänça dowam etjekdigini aýtdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we Premýer ministr Binali Ýyldyrym Muglada partiýasynyň 6-njy kongresinde eden çykyşynda operasiýa barada käbir ýurtlaryň aýdýan tankydy belliklerine berk garşylyk görkezi.

Premýer ministr Ýldyrym “Asuda ilatda zeper ýetirmesin diýýänler Owganystana, Yraga we Ýemene ser salsyn. Türk esgeri asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin göreşýär” diýdi.

Türk ýaragly güýçleriniň Afrine söweşe gitmändigini aýdan Premýer ministr Ýyldyrym “Biz Afrine söweşe gitmedik. Arap, kürt we türkmen doganlarymyzy terrorçylaryň basyşysyndan we zulumyndan halas etmek üçin gitdik” diýdi.



Degişli Habarlar