Prezident Erdogan Eýranyň döwlet Ýolbaşçysy Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşyldy

906806
Prezident Erdogan Eýranyň döwlet Ýolbaşçysy Ruhani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň Diwanyndan alynan maglumata görä Erdogan bilen Ruhani telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky soňky wakalar barada pikir alyşdy

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň, Eýranyň we Russiýanyň birinjisi Soçi şäherinde geçirilen liderler maslahatynyň ikinjisiniň Stambulda geçirilmegi baradaky ylalaşyk ýene-de bir gezek tassyklandy.

Erdogan we Ruhani sebitleýin meseleleriň çäginde Türkiýe bilen Eýranyň arasynda terrorçylyga garşy göreş we howpsyzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň depgininiň günlendirilmegine kanagatlanma bildirdiler.

Telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň başlangyjy boýunça Soçide geçirilen Siriýanyň Milli Dialog Maslahatynda Türkiýäniň we Eýranyň goldaw bermeginde netije alynmagynyň oňyn wakadygy nygtaldy.



Degişli Habarlar