Içeri işler ministri Soýlu PKK/KCK/PÝD-ÝPG bilen bagly beýanat berdi

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu aýralykçy terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG bilen baglanşykly aklynda sorag barlaryň, guramanyň Siriýada Atme çadyr düşelgesindäki asuda ilaty nädip gyrýandygyny görmekleriniň ýeterlik boljakdygyny belledi

905581
Içeri işler ministri Soýlu PKK/KCK/PÝD-ÝPG bilen bagly beýanat berdi

Stambulda çäreleriň birinde çykyş eden Soýlu daşary ýurt medialaryndaky operasiýany tankyt etmek bilen bagly habarlara ünsleri çekdi.

Meseläni ýoýup görkezýänlere nägilelik bildiren Süleýman Soýlu: “Käbir töwerekler PÝD/ÝPG-niň terror guramasydygyna ynananok. Hat-da elinde razwedka maglumaty ýokmuşyn. Käbir töwerekler 5 müň ýük ulaglyk ýaragy DAIŞ-e garşy söweşmek üçin beripdir. Türkiýäniň aladalanmagyna gerek ýokmuşyn. Käbir töwerekler asuda ilatyň ýitgilerine alada bildirýärmişin, Türkiýäni sowukganlylyga çagyrýarmyşynlar. Kimiň aklynda sorag galan bolsa, ana şonuň jogaby terror guramasynyň Atme garşy guran hüjümidir” diýdi.

Siriýanyň demirgazygyndaky käbir ýerleri basyp alan PKK/KCK/PÝD-ÝPG-e agza terrorçylaryň ABŞ-nyň beren ýaraglaryny ulanyp, Türkiýäniň topraklarynda asuda ilaty nyşana alýandygyny aýdan Soýlu: “Kimiň nämedigi, näme edýändigi anykdyr. Ýaragy beren bellidir, ýaragy ulanýan hem bellidir. Ýaragyň kime çenelýändigi hem bellidir. PÝD/ÝPG bir terror guramasydyr. Ekstremist terror guramasy PKK bilen birdir” diýip nygtady.



Degişli Habarlar