Afrindäki Şeýh Huruz obasy we golaýdaky ýerler terrorçylardan saplandy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Zeýtun şahajygy operasiýasynda Afriniň Şeýh Huruz obasyny, golaýyndaky ýerleri we Hawuz depesini ekstremist terror guramasy PÝD/PKK-dan saplady

905811
Afrindäki Şeýh Huruz obasy we golaýdaky ýerler terrorçylardan saplandy

Afrindäki terrorçylara garşy alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasy 19 gün bäri dowam edýär.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny Afriniň demirgazygyndaky Bülbül etrabyna degişli Aşakgy Şeýh Huruz, Orta Şeýh Huruz we Ýokarky Şeýh Huruz diýip atlandyrylýän ýaşaýyş ýerlerini we Hawuz depesini PÝD/PKK-dan saplady.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa goşuny operasiýanyň başlan güni bolan 20-nji ýanwardan bäri PÝD/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky Afriniň 5 etrabynda 1 etrap merkezini, 24 obany, 3 kiçi obany we 12 aýry strategik taýdan möhüm dag we depe bolmak bilen jemi 40 aýry ýeri terror guramasyndan saplady.


Etiketkalar: #Afrin , #operasiýa , #depe , #oba , #dag , #etrap

Degişli Habarlar