Türkiýe Gollandiýa bilen gatnaşyklaryny seljermäge taýar

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý Gollandiýanyň Ankara gaýdyp gelmegini islemeýän Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini resmi ýagdaýda yzyna çagyrmagy bilen baglanşykly beýanat berdi

904362
Türkiýe Gollandiýa bilen gatnaşyklaryny seljermäge taýar

Hami Aksoý: “Häzirki etapda Gollandiýa tarapynyň gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda gerek bolan konkret ädimleri etmek ygtyýaryny görkezen halatynda Türkiýe iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary seljermäge taýar” diýip belledi.

Metbugat geňeşçisi Aksoý Gollandiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan düýn berilen beýanata ýazmaça ýagdaýda jogap berip 2017-nji ýylyň mart aýynda başdan geçirilen krizisden soň Türkiýe-Gollandiýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagynyň üpjün edilmegi üçin Türkiýäniň tamalarynyň mälimdigini belledi.

Ady agzalan wakalardan bäri Türkiýäniň daşynda bolan Gollandiýanyň Ankardaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň wezipesine gaýdyp gelmegine garaşylmaýandygyny Gollandiýanyň resmilerine beýan edilendigini aýdan Aksoý: “Sebäbi şol wagtdan bäri Gollandiýanyň Ankaradaky ilçisi ýurdumyza gaýdyp gelmedi. Häzirki etapda Gollandiýa tarapynyň gatnaşyklary kadalaşdyrmak ugrunda gerek bolan konkret ädimleri etmek ygtyýaryny görkezen halatynda Türkiýe iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklary seljermäge taýar” diýip nygtady.



Degişli Habarlar