Prezident Erdogan Watikana bardy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Katoliki dünýäniň dini lideri Papa Fransiskiň çakylygyna laýyklykda Watikana bardy

903739
Prezident Erdogan Watikana bardy

Erdogany we aýaly Emine Erdogany Italiýanyň paýtagty Rimdäki Fýumiçino Leonardo de Winçi halkara howa menzilinde Türkiýäniň Watikdanky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mehmet Paçajy, Türkiýäniň Rimdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Murat Salim Esenli bilen birlikde Watikan tarapyndan protokol müdüri Hose Betankur, Italiýa tarapyndna protokol müdüri Rikkardo Guariglia, Türkiýäniň Watikandaky we Rimdäki içihananyň işgärleri garşyladylar.

Prezident Erdoganyň Papa bilen boljak duşuşygynda Türkiýe-Watikan gatnaşyklary, Iýerusalim meselesindäki başdan geçirilýän soňky wakalar, sebitara meseleler, Siriýada başdan geçirilýän adamzat pajygasy, terror, daşary ýurt duşmançylygy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Watikandan soň Rimde Italiýanyň Prezidenti Sergio Mattarella bilen iş naharynda duşuşjak Prezident Erdogan Premýer ministri Paolo Gentilonini hem kabul eder.

Prezident Erdoganyň Rime gurajak saparynyň çäginde Italiýanyň tanymal firmalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etmegi göz öňünde tutulýar.


Etiketkalar: #Watikan , #Erdogan , #Italiýa , #müdir , #Rim

Degişli Habarlar