Zeýtun şahajygy operasiýasynda 13 günde jemi 811 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Zeýtun şahajygy operasiýasy dost we doganlyk sebitiň halkynyň terrorçylaryň basyşyndan we zulumyndan halas edilmegini maksat edinýär

901924
Zeýtun şahajygy operasiýasynda 13 günde jemi 811 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 811-e ýetdi.

Türk ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda operasiýanyň çäginde 13 günde jemi 811 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýanatda operasiýanyň 13-nji gününde 21 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen jemi täsirsiz ýagdaýa getirlen PKK-KJK-PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylaryň sanynyň 811-e ýetendigi aýratyn bellenildi.

Beýanatda mundan başgada ady agzalýan terror guramalaryna degişli 14 ýeriň howa hüjüminde hatardan çykarlandygy ýatladyldy.

Beýanatda şeýle hem Türk ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahajygy operasiýasynyň Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Afrin etrabynda PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmegi we dost we doganlyk sebitiň halkynyň terrorçylaryň basyşyndan we zulumyndan halas edilmegini maksat edinýändigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar