Diýarbakyrda PKK-a garşy geçirlen operasiýada 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

PKK-nyň jogapkäridigi öňe sürülýän terrorçynyň tussag edilmegi üçin işe girişildi

902050
Diýarbakyrda PKK-a garşy geçirlen operasiýada 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Diýarbakyryň Lije etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirlen operasiýada 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howpsyzlyk güýçleri gözlenýänleriň sanawynda mawy kategoriýada ýer alýan we terror guramasy PKK-nyň jogapkäridigi öňe sürülýän terrorçynyň tussag edilmegi üçin işe girişdi.

Ady agzalýan terrorçynyň tussag edilmegi üçin geçirlen operasiýada 3 terrorçy gaçmagy başardy.

Terrorçylary yzarlamaga başlan we olaryň ulagynyň öňüni kesen howpsyzlyk güýçlerine garşy terrorçylar tarapyndan ot açyldy.

Howpsyzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar