Prezident Erdogan Reýhanly atylan raketa sebäpli ýogalan Fatoş Awlaryň maşgalasyna gynanç bildirdi

Prezident Erdogan şehitleriniň ganynyň ýerde galmajakdygyny aýtdy

901179
Prezident Erdogan Reýhanly atylan raketa sebäpli ýogalan Fatoş Awlaryň maşgalasyna gynanç bildirdi

Prezident R. T. Erdogan PKK/PÝD-ÝPG-ä agza terrorçylaryň Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyna atan raketasy sebäpli ýogalan 17 ýaşyndaky Fatoş Awlaryň maşgalasyna telefon edip gynanç bildirdi.

Prezident Erdogan şehitleriniň ganynyň ýerde galmajakdygyny aýtdy.

Terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG düýn ýene-de asuda ilaty nyşana aldy.

Siriýanyň Afrin etrabyny basyp alan terrorçylar Hataý welaýatynyň Reýhanly etrabyna 7 raketa atdy.

Hüjümde 17 ýaşyndaky ýaş gyz ýogaldy, 1 adam ýaralandy.

Raketa hüjüminde ýogalan gyz Reýhanlyda jaýlandy.

Reýhanla atylan başga bir raketa Degirmen Garşy mähellesinde 1 öýe düşdi.

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä ölen ýada ýaralanan bolmady.

PÝD/PKK tarapyndan Hataý welaýatynyň Kyrykhan etrabyna hem raketaly hüjüm guraldy.

Afrinden atylan raketa Perişan mähellesinde serhetýakasynda boş meýdana düşdi.

 


Etiketkalar: #Reýhanly , #hüjüm , #waka , #raketa

Degişli Habarlar