Zeýtun şahasy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 597-ä ýetdi
Türk ýaragly güýçleriniň Afrinde başladan Zeýtun şahasy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sanynyň 597-ä ýetendigi nygtaldy.
899234
Türk ýaragly güýçleriniň internet saýtynda berlen beýanatda “Howa güýçleri tarapyndan düýn gije guralan howa hüjümlerinde PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DAIŞ ýaly terror guramalaryna degişli gaçybatalgalar, gowaklar we ýarag ammary hökmünde ulanylýan 44 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy. Operasiýa gatnaşan 25 uçar harby bazalaryna gaýdyp geldi” diýildi.
Beýanatda operasiýada Türk ýaragly güýçleri tarapyndan goldanýan Azat Siriýada goşunyndan 4 adamyň ýeňil ýaralanandygy nygtaldy.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.