Zeýtun şahajygy operasiýasynda iki esger şehit boldy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda 2 esger şehit boldy, 11 esger bolsa ýaralandy

898494
Zeýtun şahajygy operasiýasynda iki esger şehit boldy

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda operasiýanyň 8-nji gününde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalaryna agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden 2 esgeriň şehit bolandygy, 11 esgeriň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Beýanatda şeýle hem Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan goldanýan Azat Siriýa goşunyndan 2 adamyň şehit bolandygy, 4 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berildi.

Düýn operasiýada PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalaryna agza 53 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýdylýan beýanatda gije boýy guralan howa hüjümlerinde hem ýene-de 37 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Beýanatda operasiýanyň başlanmagyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 484-e ýetendigi we Zeýtun şahajygy operasiýasynyň meýilleşdirilişi ýaly dowam edýändigi nygtaldy.

Beýanatda Harby awiasia tarapyndan guralan howa hüjümler bilen PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ terror guramalaryna degişli gaçypatalgalar, ok-däri ammarlary we söweşjeň liniýalar hökmünde ulanylan jemi 42 ýeriň ýer bilen ýegsan edilendigi we howa hüjümlerine gatanaşan 29 uçaryň howpsyz ýagdaýda bazalaryna dolanyp gelendigi bellenýär.

Beýanatda operasiýanyň Türkiýäniň  halkara hukuk esaslaryna we BMG-niň konwensiýasynyň 51-nji maddasyndan gelip çykýan legal goranyş hukugyna hem-de BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň terrorizme garşy göreş baradaky kararlaryna laýyklykda, Siriýanyň territorial bütewiligine hormat goýulyp amala aşyrylýandygyny nygtaldy.

Zeýtun şahajygy operasiýasy Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan serhetlerde we sebitde howpsyzlygy we asudalygy ýola goýmak maksady builen Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Afrin sebitinde PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny olaryň basyşyndan we zulumyndan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda şenbe güni sagat 17:00-da başlapdy.



Degişli Habarlar